Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy.
TDH-de habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanyna bu alymlyk derejesi Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işleri nazara alnyp berildi.