Turkmenportal logo
Düýn 22:54
63736373
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda alymlyk derejelerini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy.

TDH-de habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda ýurduň alymlarynyň 31-sine, şol sanda 6-syna ylymlaryň doktory we 25-sine ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi.

Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň, ýagny ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si we ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

Diplomlara mynasyp bolan hem-de diplomlary ykrar edilen alymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek, ýurtda ylym-bilimiň ösüşini hil taýdan dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek, ykdysadyýetde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Şeýle-de alymlar ýetip gelen Ylymlar gününiň öňüsyrasynda özlerine gowşurylan diplomlar üçin Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.