Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.
TDH-nyň habar bermegine görä, bu at Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, türkmen döwletiniň Baştutanyna häzirki zaman ylmyna goşýan uly goşandy, milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy tehniki özgertmeleri parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp berildi.