Sosial torlarda Eýranyň Fars welaýatynda, Şiraz şäheriniň golaýynda ýerleşýän Maharlu köli barada düşürilen wideo giňden ýaýraýar. Bu suw howdany suwuň açyk gülgüne, käte bolsa gyzyl reňki bilen ünsi özüne çekýär.
Köliň adaty bolmadyk reňki Dunaliella salina atly mikrosuwotularynyň ýaşaýyş işjeňligi bilen baglanyşyklydyr. Yssy möwsümde suwuň bugarmagynyň netijesinde onuň duzlulygy artýar. Şeýle şertlerde bu mikroorganizmler karotinoidler toparyna degişli astaksantin tegmilini işjeň öndürip başlaýar. Hut şol tegmil hem suwa özboluşly reňk berýär.
Köliň reňki ýylyň paslyna görä üýtgeýär. Bahar we güýz aýlarynda suw derejesiniň ýokarlanmagy bilen ol gök öwüşginli reňke eýe bolýar. Gurakçylyk döwründe bolsa kölüň üstüni ak duz gatlagy örtýär.
Maharlu köli Eýranyň iň uly duzly kölleriniň biridir. Şeýle-de ol göçüp-gonýan guşlar, şol sanda gyzylgazlar (gyzylinjikler) üçin möhüm ýaşaýyş mekany bolup hyzmat edýär. Gyzylgazlary özüne çekýän zat hem olaryň iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýän şol mikrosuwotulardyr. Köliň ýerleşýän çägi tebigaty goramak maksady bilen aýratyn goralýan sebit hökmünde döwlet tarapyndan gorag astyna alnandyr.