Turkmenportal logo
Şu gün 11:19
55565556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistana täze 3 bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy

Türkmenistana Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýasynyň öndürýän 3 bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hytaýyň bu önümi Türkmenistana ilkinji gezek getirildi.

Bu täze demir ýol tehnikasyny pudagyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ýaşuly nesliň wekilleri Aşgabadyň demirýol menzilinde asylly ýol-ýörelgeler laýyklykda mynasyp garşyladylar. Teplowozlaryň satyn alynmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Bu ýük otlularyny daşamaga niýetlenilen teplowozlaryň işi milli demir ýol ulaglary pudagynyň has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Ýeri gelende bellense, häzirki wagtda hytaý kompaniýasy tarapyndan ýük teplowozlaryna düýpli abatlaýyş işleri hem geçirildi. Bu abatlaýyş işleri geçirilen 2 bölekli teplowozlaryň ýük çekijiligi 4 müň 200 tonna barabardyr. Täze satyn alnan 3 bölekli teplowozlaryň ýük çekijiligi bolsa 6 müň 300 tonnadyr. Her bölekde 6 sany tigir jübüti bolup, ýere düşýän agram 23 tonna barabardyr. Şeýle-de täze toplowozlar sagatda 100 km konstruktiw tizlige, şol sanda ýörite dolandyryş ulgamyna eýedir.