Turkmenportal logo
Şu gün 09:24
34833483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň muzeýinde fransuz suratçysy Pol Nadaryň işleriniň sergisi açylar

11 — 23-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topragyna syýahat» atly üýtgeşik fotosergi geçiriler. Tomaşaçylar fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda düşüren seýrek suratlaryny, ýagny asyryň sepgidindäki Merkezi Aziýanyň durmuşynyň täsirli pursatlaryny görüp bilerler.

Ekspozisiýada sebitiň gaýtalanmajak mirasyny özünde jemleýän ýerli ýaşaýjylaryň portretleri we türkmen topraklarynyň ajaýyp tebigy görnüşleri görkeziler.

Tehniki täzeliklere we syýahatlara höwesjeň bolan Pol Nadar (1856 — 1939) öz döwrüniň iň görnükli fransuz suratçylarynyň birine öwrüldi. Onuň amala aşyran syýahatlary ýewropalylara näbelli bolan çäkleri surata düşürmäge mümkinçilik berdi we uly taryhy hem-de medeni gyzyklanma döredýän baý wizual mirasy galdyrdy.

1890-njy ýylda Pol Nadar Daşkentdäki birinji Halkara serginiň çäginde we Hazararasy demir ýolunyň ösdürilmegi bilen baglylykda Merkezi Aziýa syýahat etdi. 

Sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Fransuz instituty we Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýar.

Bu taslama Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Fransuz Merkezi Aziýany barlaglar institutynyň (IFEAC) we «Total Energies» kompaniýasynyň ýardam bermegi netijesinde durmuşa geçirilýär. 

Aşgabadyň muzeýinde fransuz suratçysy Pol Nadaryň işleriniň sergisi açylar | Turkmenportal.com