Turkmenportal logo
Şu gün 18:51
881881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebitleýin duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Täjigistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary, şeýle hem Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň ýadro synaglarynyň geçirilmegini gadagan edýän berk halkara kadany emele getirendigini, döwletleriň arasynda ynam ýagdaýyny pugtalandyrandygyny hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşandygyny belledi.

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň ýadro ýaragsyzlanmagy we ýaýramagyň öňüni almak boýunça halkara gün tertibini ilerletmekdäki möhüm ornuny belläp, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamanyň ýadro ýaragyndan azat dünýäni döretmek ýolundaky halkara jemgyýetçiliginiň iň möhüm gazananlarynyň biri bolup galýandygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Şertnamanyň taryhy ähmiýetini we halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny berkitmekdäki möhüm ornuny nygtadylar. Geçen üç onýyllygyň dowamynda Şertnamanyň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça halkara binýadynyň esasy bölekleriniň birine öwrülendigi we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak düzgüniniň pugtalandyrylmagyna ýardam edendigi bellenildi. Çäräniň dowamynda Şertnamanyň maksatlaryny we ýörelgelerini mundan beýläk-de ilerletmek, ýaragsyzlanmak ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle hem Şertnamanyň mümkin boldugyça tiz güýje girmeginiň möhümdigi baradaky halkara jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Taraplar ählumumy we sebit derejelerinde durnukly parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Aşgabatda CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebitleýin duşuşyk geçirildi | Turkmenportal.com