Turkmenportal logo
Şu gün 12:43
38383838
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Rojers Türkmenistana geldi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojersiň Türkmenistana resmi sapary başlandy. Saparyň maksatnamasynyň ilkinji çäresiniň dowamynda ol ýurduň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke atlary bilen tanyşdy.

Amerikan tarapy türkmen halkynyň atçylyk ugrundaky baý medeni mirasyny we asyrlar boýy dowam edip gelýän gadymy däp-dessurlaryny aýratyn belledi.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berlişi ýaly, taraplar bu saparyň netijeleri boýunça iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Sara B.Rojers ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasarydyr. Ol bu wezipä 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda girişdi we daşary ýurtly diňleýjiler bilen özara gatnaşyklara, şeýle-de bilim we medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gözegçilik edýär.

Türkmenistana guralan bu sapar onuň 2026-njy ýylyň 27-nji maýy — 10-njy iýuny aralygynda Hindistany, Nepaly, Özbegistany we Türkmenistany öz içine alýan Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan giň gerimli saparynyň bir bölegidir. Bu sapar Rojersiň häzirki wezipesine bellenileli bäri Merkezi Aziýa sebitine guraýan ilkinji iri saparydyr.