Turkmenportal logo
Şu gün 12:34
43494349
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Seuldaky halkara sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary 4 — 7-nji iýun aralygynda Seul şäheriniň «COEX» sergi merkezinde geçirilen 41-nji Seul halkara syýahatçylyk sergisine («Seoul International Travel Fair, SITF») gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilmegine görä, Aziýanyň iň iri halkara syýahatçylyk sergisi hasaplanýan bu gözden geçiriliş dünýäniň köp sanly ýurdundan gelen syýahatçylyk kompaniýalaryny, awiakompaniýalary we syýahatçylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri bir ýere jemledi.

Halkara çärede «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» ýaly syýahatçylyk kompaniýalary we beýlekiler Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Serginiň esasy temalary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk hem-de şypahana syýahatçylygy, ekologik syýahatçylyk, şeýle-de syýahatçylyk ulgamyndaky innowasiýalar we tehnologiýalar boldy.