Turkmenportal logo
Şu gün 17:06
48934893
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde geçirilýän syýahatçylyk sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1–4-nji iýun aralygynda Pekin şäheriniň Haýdýan etrabyndaky Çžunguansun halkara innowasion merkezinde geçirilýän «Hoşboý depeler» (WTCF Fragrant Hills Tourism Summit 2026) atly syýahatçylyk sammitine gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri girýär.

Çäräni Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasy (WTCF) guraýar. Şu ýylky sammit «Akylly syýahatçylyk — has ýagty geljek» diýen şygar bilen geçirilip, dünýäniň 58 döwletinden we 70-den gowrak şäherinden döwlet edaralarynyň, degişli ministrlikleriň, syýahatçylyk guramalarynyň hem-de işewürlik düzümleriniň wekillerini bir ýere jemleýär.

Forumyň esasy mowzuklarynyň biri syýahatçylyk pudagyna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda emeli aňyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berýärler. Sammitiň çäklerinde robot-gidler, akylly terjime ulgamlary, şeýle hem emeli aňyň esasynda syýahatçylar üçin şahsylaşdyrylan mazmuny döretmäge niýetlenen çözgütler tanyşdyrylýar.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde syýahatçylyk ugurlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň halkara indeksi hem hödürlendi. Çap edilen reýtinge laýyklykda, Pekin dünýäniň sanly syýahatçylyk şäherleriniň arasynda birinji orny eýeledi.

Sammit tejribe alyşmak, syýahatçylyk pudagynyň ösüşindäki täze ugurlary ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmaga hem-de pudak boýunça täze hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.