2026-njy ýylyň 4–6-njy iýuny aralygynda Aşgabatda geçiriljek Turkmen Textile Expo 2026 halkara sergisiniň çäklerinde giň gerimli halkara moda görkezilişleri geçiriler.
Bu abraýly çärä türkmen moda brendleriniň öňdebaryjy wekilleri bilen birlikde Fransiýadan, Marokkodan, Omandan, Özbegistandan we Russiýadan gelen meşhur dizaýnerler gatnaşarlar. Görkezilişlerde tomaşaçylara döwrebap modanyň iň täze ugurlaryny şöhlelendirýän eksklýuziw lybas toplumlary hödürlenip, moda sungatynyň häzirki jemgyýetdäki ornuna we ösüşine döredijilikli garaýyşlar beýan ediler.
Serginiň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Fashion Channel halkara teleýaýlymynyň eýesi Marzio Nocera hem-de dünýä belli Vivienne Westwood kompaniýasynyň baş direktory Carlo Damario bar.
Fransiýadan Klod Patrigiň we Romual Bertranyň Moda öýi, Marokkodan Wafaa Idrissi Haute Couture, Omandan Yoland Moda öýi, Özbegistandan dizaýnerler Dilowar Mirzaýew we Madinabonu Ergaşowa, Russiýadan bolsa dizaýner Olga Kadeýkina hem-de SOLOVE brendi çykyş eder.
Türkmenistandan öz döredijilik işlerini «Miras» Moda öýi, Goç Ýigit, Däp, Gülyaka Lybaslary, Emine Bridal, Peýkam brendleri, şeýle hem moda dizaýnerleri Abat Muhammetnyýazowa, Seýrangeldi Berdiýew we Anna Korostowa tanyşdyrarlar.
Sergi günlerinde podiumda gözellik, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň sazlaşygy, döredijilik täzelikleri hem-de milli öwüşginli moda höküm sürer.