Turkmenportal logo
Şu gün 09:46
45944594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 4–6-njy iýunda Turkmen Textile Expo-2026 halkara sergisi geçiriler

4–6-njy iýun aralygynda Aşgabatda Turkmen Textile Expo-2026  halkara sergisi geçiriler. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan dokma senagatynyň we moda pudagynyň wekillerini bir ýere jemlejek bu çäre pudagyň gazananlaryny görkezmek, tejribe alyşmak hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar.

Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, sergi giň gerimli halkara moda görkezilişi bilen açylar. Onda Fransiýanyň, Marokkonyň, Omanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň moda öýleri hem-de dizaýnerleri öz lybas toplumlaryny tanyşdyrarlar. Myhmanlar dünýä modasynyň häzirki zaman ugurlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň dizaýn we dokma önümçiligindäki milli aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe tematiki mejlisler we panel çekişmeleri geçiriler. Olaryň esasy mowzuklarynyň arasynda «Durnukly pagta önümçiliginiň we dokma sertifikatlaşdyrmasynyň halkara ugurlary», «Jogapkärli satyn alyş syýasaty we halkara alyjylaryň garaşýan talaplary», «Merkezi Aziýada däp bolan dokma önümleriniň häzirki zaman sungatyna we modasyna öwrülmegi» ýaly meseleler, şeýle hem dokma pudagynyň ösüşi bilen bagly beýleki möhüm ugurlar bar. Çykyş etjekleriň hatarynda halkara bilermenler, degişli guramalaryň wekilleri we dokma pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri bolar.

Forumyň dowamynda B2B (işewürden işewüre) we B2G (işewürlik bilen döwlet edaralarynyň arasynda) görnüşindäki hyzmatdaşlyk duşuşyklary hem geçiriler.

Bu çäräniň sebitiň dokma senagaty üçin möhüm waka bolmagyna, şeýle hem dokma önümçiligi, moda we pudagyň durnukly ösüşi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam bermegine garaşylýar.