Turkmenportal logo
Düýn 12:27
59425942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin we Tokaýew dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk boýunça beýannama gol çekdiler
Surat: newscentralasia.net

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Russiýa bilen Gazagystanyň halklarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylygyň ýedi esaslary hakynda» bilelikdäki beýannama gol çekdiler diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine görä, resminamada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda toplumlaýyn berkitmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenendir. Kremliň wekili ol wezipeleriň hatarynda taryhyň umumylygy we oňa dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda baha bermek, ýewraziýa goşulyşmagyny ösdürmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmek, sebitde hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk we dialog giňişligini emele getirmek degişli diýip aýtdy.

Şol sanda ýurtlar geljekde hem ykdysady hyzmatdaşlygy, dil we medeni köpdürlüligi umumy däp bolan gymmatlyklar hökmünde ösdürmegi, ýaşlar, bilim alyşmalaryny hem-de sport ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler. Ýedinji esas geljege bilelikdäki garaýyşdyr diýip, Uşakow sözüniň üstüni ýetirdi.