Ýaponiýanyň «Toyo Engineering» inženerçilik kompaniýasy Türkmenistandaky Gyýanly polimer zawodyny giň gerimde döwrebaplaşdyrmak işlerine girişdi. Bu barada «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynda «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky direktory Tesudzi Miýadzaki habar berdi.
Taslama iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda kompaniýa inženerçilik işlerini ýerine ýetirer, barlaglary geçirer, könelişen önümçilik kuwwatlyklaryny doly çalyşmak üçin enjamlary satyn alar hem-de söküp aýyrma işlerini amala aşyrar. Ikinji tapgyr bolsa tehnologik meseleleriň çözülmegini we döwrebaplaşdyrylan önümçiligiň işe girizilmegini göz öňünde tutýar.
Miýadzaki geçen ýylda «Toyo Engineering» kompaniýasynyň prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki gezek duşuşandygyny, şol duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
1961-nji ýylda esaslandyrylan korporasiýa dünýäniň 60 ýurdunda müňden gowrak taslamany durmuşa geçirdi. Olaryň hatarynda 49 etilen toplumy we 36 polimer zawody bar.
Kompaniýanyň wekili Türkmenistanyň «Toyo Engineering» üçin ösüşiň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Kompaniýa tehniki-ykdysady esaslandyrmadan başlap, desgalary işletmek we tehniki hyzmat etmek işlerine çenli toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär.