Turkmenportal logo
Şu gün 09:29
14861486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini ajaýyp arzuwlara we belent maksatlara beslenen durmuş ýolunda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň olaryň ählisinde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda: «Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur. Bu ýola hemişe eýerip, şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda ylma we bilime daýanan merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak bilen, abraýy dünýä dolýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar, abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak siziň — geljege ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň baş maksady bolmalydyr. Siz durmuş ýoluňyzyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize eýerip, bilimleriň we ylymlaryň täze çuňluklaryna aralaşmalysyňyz, zähmetde taplanmak, döretmek hem-de gurmak bilen, beýik geljegimize tarap ynamly gadam urmalysyňyz» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şeýle-de döwlet Baştutany: «Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň we bilim işgärleriniň yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesilleriň zehin-başarnyklaryny ösdürmekleri, bilimleri, ylymlary özleşdirmekleri, hünärleri ele almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim binýadyny has-da berkidýäris.

Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we strategiýalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanyň geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, geçirýän bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda uçurymlary, mugallymlary hem-de ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde hem-de okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.