Turkmenportal logo
Düýn 14:21
97169716
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan Türkmenistanyň çäginden Eýrana ynsanperwer kömegini ýetirdi

Özbegistandan ugradylan ynsanperwer ýüküň nobatdaky tapgyry türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Eýrana ýetirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

15 sany ýük ulagyndan ybarat kerwen bu ýurda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini ýetirdi. Ýüküň gowşurylyş dabarasy «Artyk — Lütfabad» serhet-geçelgesinde geçirildi.

Dabara Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşan Alimow, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Rozbehani, Dargaz şäheriniň häkimi Mojtaba Bazmar, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatyndaky Daşary işler ministrliginiň wekili Heýdari Fard, şeýle hem iki ýurduň gümrük, saglygy goraýyş we ynsanperwer guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Eýran tarapy görkezilen goldaw üçin Özbegistanyň Prezidentine we halkyna hoşallyk bildirdi. Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda bu ynsanperwer başlangyja iki döwletiň arasyndaky dostlugyň we agzybirligiň nyşany hökmünde baha berildi.