Turkmenportal logo
Düýn 17:49
1098110981
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bakuwda geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda Arkadag şäheriniň tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-Habitatyň howandarlygynda Azerbaýjanda geçirilýän Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Forumdaky çykyşynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň mysalynda ýurduň döwrebap şähergurluşyk ulgamyndaky tejribesini tanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, täze dolandyryş merkezi «akylly», «ýaşyl» we howpsuz şäher konsepsiýalaryny özünde üstünlikli jemleýär, ekologik taýdan arassa ulaglaryň ösen düzümini, bökdençsiz gurşawy we lukmançylyk klasterini öz içine alýar. Taslama ekologik şertleriň ylmy seljermesine esaslanýandyr.

Forumyň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Derýageldi Orazowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar WUF13-iň gün tertibini, şeýle hem iki halkyň dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen tarapyndan Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň gurluşygynyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.