Turkmenportal logo
Düýn 12:54
1255412554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG hantawirusyň pandemiýasynyň döremek töwekgelçiligini pes hasaplaýar
Surat: Surat: armenpress.am

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) täze öwrenilen maglumatlary hasaba almak bilen, «MV Hondius» syýahatçylyk gämisinde ýüze çykan hantawirus ýokanjynyň ýaýaramak töwekgelçiligine pes diýip baha berdi. Bu barada guramanyň «X» sosial torunda ýerleşdiren beýanatyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.

Guramada syýahatçylyk gämisiniň kesel ýokuşmadyk ýolagçylarynyň keselliler bilen heniz keseliň inkubasion döwürde gatnaşyk eden bolmagynyň mümkindigi sebäpli, olaryň saglygy üçin töwekgelçiligiň pesdigini, munuň üçin kesel ýokuşmadyk ýolagçylaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmegiň ýeterlikdigini bellediler.

BSGG şeýle hem ýokanjyň mundan beýläk ýaýramagynyň gözegçilik çäreleri girizilenden soňra peselendigini habar berdi.