Turkmenportal logo
Şu gün 12:50
31653165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maksatly Türkmen» öýler we işewürlik binalary üçin poslamaýan polatdan tutawaçlary hödürleýär

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy berkligi, döwrebap keşbi we daşky täsirlere garşy durnuklylygy özünde jemleýän poslamaýan polatdan tutawaçlary (perilalary) taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär. Şeýle gurluşlar uzak möhletleýinligi we amatlylygy netijesinde, binagärlikde, gurluşykda hem-de içki bezeg işlerinde giňden ulanylýar.

Poslamaýan polatdan ýasalan tutawaçlar poslama, temperatura üýtgemelerine, ultramelewşe şöhlelere we mehaniki zeperlenmelere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar olary binalaryň içinde, şeýle hem açyk howada, hatda çyglylygy ýokary ýa-da agressiw gurşawy bolan ýerlerde hem ulanmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, her bir önüm desganyň aýratynlyklary we sargytçynyň islegleri göz öňünde tutulyp, aýratynlykda taýýarlanylýar. Taslamalaryň işlenip düzülmegine tejribeli binagärler we dizaýnerler gatnaşyp, hususy jaýlar, täjirçilik maksatly binalar we jemgyýetçilik desgalary üçin iň amatly çözgütleri saýlamaga kömek edýärler.

Poslamaýan polatdan tutawaçlar özüniň estetiki gözelligi we funksionallygy sebäpli uly islegden peýdalanýar. Olar döwrebap içki we daşky bezegler bilen sazlaşykly utgaşýar, şeýle hem ulanyş wagtynda aýratyn idege mätäçlik çekmeýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Aşgabat, G.Kuliýew köç., 28-nji bina
Tel.: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33
Sosial ulgamlardaky sahypasy.