Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda bir günlük sapar bilen Pekine barmagy ahmal. Bu barada saparyň taýýarlygy bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Gonkongyň South China Morning Post neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, sapar dabaraly resmi çäreler we giň gerimli protokol çäreleri bolmazdan meýilleşdirilýär hem-de ol Moskwa bilen Pekiniň arasyndaky yzygiderli iş gatnaşyklarynyň bir bölegi hökmünde garalýar.
Kreml saparyň taýýarlanýandygyny tassyklady. 12-nji maýda Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow taýýarlyk işleriniň «jemleýji tapgyrdadygyny», saparyň bolsa «mazmun taýdan örän baý bolmagyna garaşylýandygyny» aýtdy. Peskow saparyň anyk möhletlerini aýtmady we olaryň rus hem-de hytaý taraplary tarapyndan bir wagtda yglan ediljekdigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, South China Morning Post neşiri diplomatik ýagdaýyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekýär: eger sapar görkezilen möhletlerde amala aşan halatynda, onda Hytaý ilkinji gezek bir senenama aýynyň dowamynda ABŞ-nyň we Russiýanyň liderlerini köptaraplaýyn forumlaryň çäginden daşarda, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň formatynda kabul eder. Mundan öň, 13–15-nji maý aralygynda Pekin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy kabul etdi, ol bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.
Neşir muny dünýä tertibiniň üýtgeýän şertlerinde Pekiniň özüni halkara gatnaşyklaryň esasy oýunçysy hökmünde görkezmäge gönükdirilen tagallalarynyň beýany hökmünde bahalandyrýar.