Turkmenportal logo
Şu gün 18:30
22762276
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RDÝ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

«Russiýademirýollary» (RDÝ) Türkmenistan bilen birnäçe ugurlar — ýük daşamalary, ulag ugurlaryny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada RDÝ-niň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow 13-14-nji maýda Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisiniň çäginde žurnalistlere habar berdi.

«Bizi köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar we biz hyzmatdaşlygyň birnäçe ugruny kesgitledik. Bu, elbetde, biziň esasy işimiz bolan ýük daşamalarydyr. Ikinjisi — tehnologiýalary bilelikde ösdürmek, soňra bolsa hünärmenler mümkinçiligini ýokarlandyrmak, işgärleri okatmak, wekilleriň alyş-çalşygy, sanlylaşdyrmak, durmuş we ýaşlar syýasaty boýunça özara gatnaşyklar. Bu işleriň hemmesi dowam edýär, biz depginleri artdyrmaga we bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar» diýip, ol belledi.

RDÝ-niň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary, şeýle hem türkmen kärdeşlerine «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Gündogar ugruny ösdürmek barada dört taraplaýyn ylalaşyk baglaşmagy teklip edendiklerini habar berdi. Resminama ýükleri eltmegiň möhletlerini we serhet geçiş nokatlarynyň işini kadalaşdyrmagy göz öňünde tutýar.