Turkmenportal logo
Şu gün 16:06
48804880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň çäginden konteýner daşamalarynyň möçberi 70% artdy

2026-njy ýylyň ýanwar–aprel aýlarynda Türkmenistanyň çäginden geçirilen konteýner daşamalarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70% ýokarlandy. Bu barada demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow 13–14-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriniň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

«Konteýner daşamalarynyň ösüş depginini aýratyn bellemek isleýärin. 2026-njy ýylyň ýanwar–aprel aýlarynda bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70% ýokary boldy» — diýip, ol aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, görkezilen döwürde ýurduň çäginden 25 konteýner otlusy geçdi. Şolaryň hatarynda Russiýa – Eýran – Russiýa hem-de Hytaý – Eýran ugurlary boýunça 19 otly düzümi hereket etdi.

Mämmet Akmämmedow halkara Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar ugrunda ýük akymynyň mundan beýläk-de artjakdygyna ynam bildirdi. Munuň esasy şertleri hökmünde ol ylalaşylan nyrh syýasatyny we ulag-logistika hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny görkezdi. Şeýle hem ministr bu geçelgäni ösdürmek maksady bilen Hytaýdan, Gazagystandan, Russiýadan we Belarusdan Türkmenistana hem-de üçünji ýurtlara amala aşyrylýan daşamalar üçin ýörite nyrh şertleriniň döredilendigini aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, Türkmenistan giň ulgama eýe bolan ulag infrastrukturasyna eýedir. Ýurtdaky demir ýollaryň umumy uzynlygy takmynan 5,15 müň kilometre deň bolup, şolaryň 2 müň kilometrden gowragy soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berildi.