Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
46524652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisi öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işi 14-nji maýa çenli dowam eder.

Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada GDA ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary geldiler.

Forumyň çäklerinde GDA ýurtlarynyň demir ýol ulaglaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat brifingini guramak meýilleşdirilýär.

Medeni maksatnama hökmünde myhmanlar üçin Aşgabadyň atçylyk sport toplumyna, Türkmenistanyň Döwlet muzeýine hem-de Magtymguly Pyragy adyndaky medeni-seýilgäh toplumyna gezelençler guralar.