Turkmenportal logo
Şu gün 09:50
40514051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýly alymlar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda tematiki okuw maslahatyny geçirdiler

Düýn «Halkara gatnaşyklar: parahatçylykly dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň çäklerinde Lançžou uniwersitetiniň Syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň professory Wan Sihaý Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda tematiki okuw maslahatyny geçirdi.

Professor şol bir wagtyň özünde Lançžou uniwersitetiniň ýanyndaky Türkmenistany öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy hem bolup durýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, alym öz çykyşynda merkeziň alyp barýan işi, ikitaraplaýyn ylmy-akademik gatnaşyklary ösdürmekdäki orny hem-de onuň döredilmeginiň strategik maksatlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Alymyň çykyşy beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de Hytaýyň nusgawy şygryýetiniň wekilleriniň filosofik garaýyşlaryny deňeşdirip seljermäge hem bagyşlandy.

Soňra Lançžou uniwersitetiniň Syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň dosenti Pu San «Hytaýyň tagamyndan Hytaý siwilizasiýasyna çenli» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Onuň çykyşy diňleýjilere hytaý halkynyň baý medeni mirasyna däp-dessurlar we siwilizasion gymmatlyklar arkaly täzeçe garamaga mümkinçilik berdi.

Geçirilen okuw maslahaty talyplaryň hytaý dilini çuňňur öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm itergi boldy.