Turkmenportal logo
09.05.26
2200822008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA ýurtlarynyň diplomatlary Ýeňiş gününde Aşgabatdaky «Baky ot» ýadygärligine gül goýdular

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň we birnäçe beýleki döwletleriň diplomatlary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky ot» ýadygärligine gül çemenlerini goýdular.

Çärä Russiýanyň we Belarusuň Türkmenistandaky ilçileri Iwan Wolynkin we Stanislaw Çepurnoý ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle hem çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, şonuň bilen bir hatarda Owganystanyň, Eýranyň, Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Wepat bolanlaryň ýadygärligine hormat goýmaga prawoslaw buthanasynyň wekilleri we türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary geldiler.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy Gökdepe urşunda wepat bolan gaýduwsyz gerçekleriň, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlaryň, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralamak maksady bilen guruldy.

Ýadygärlikler toplumynyň umumy tutýan meýdany 650 müň inedördül metre, uzynlygy 916 metre, giňligi bolsa 626 metre barabar bolup, onda ýerleşýän desgalaryň tutýan meýdany 5 müň 824 inedördül metre barabardyr.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň esasy binalary 3 ýadygärlikden ybaratdyr:

1. 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlara bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligindäki «Ýer göteren sary öküz». Onuň beýikligi 22 metrdir.

2. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolanlara bagyşlanan «Baky şöhrat» ýadygärliginiň merkezinde baky ot alawlap dur. Bäş welaýatymyzyň jebisligini aňladýan 5 sany sütün bar. Sütünleriň beýikligi 45 metre deň bolup, Watançylyk urşunyň gutaran ýylyny aňladýar.

3. Watan üçin wepat bolan esgerlere bagyşlanan «Milletiň ogullary» ýadygärliginde ýerleşdirilen enäniň we oňa tagzym edip oturan iki gerçek ýigidiň heýkelleriniň beýikligi 24 metre barabardyr.