Turkmenportal logo
09.05.26
2715227152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýazyjysy Gaziantepde geçirilen türki edebiýat festiwalynda Ýunus Emre adyndaky baýraga mynasyp boldy

4 — 9-njy maý aralygynda Türkiýäniň Gaziantep şäherinde TÜRKSOÝ-yň ýanyndaky Halkara türki ýazyjylar birleşigi tarapyndan Türki dünýäsiniň edebiýat we kitap boýunça V festiwaly geçirildi. Çärä Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Kiprden we birnäçe beýleki döwletlerden alymlar, şahyrlar hem-de kyssaçylar gatnaşdy.

​ Bu forumda Türkmenistana resmi iş sapary bilen Gaziantepe baran Maksat Meredow wekilçilik etdi. Festiwalyň netijeleri boýunça ol Halkara türki ýazyjylar birleşiginiň Ýunus Emre adyndaky baýragyna mynasyp boldy.

Türkmen ýazyjysy Gaziantepde geçirilen türki edebiýat festiwalynda Ýunus Emre adyndaky baýraga mynasyp boldy | Turkmenportal.com