Turkmenportal logo
Düýn 21:26
33553355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, netijeli geçen duşuşyk ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, iki ýurduň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny tassyklady.   

Mejlisiň dowamynda toparyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Onuň agzalary eksport-import amallarynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem iberilýän harytlaryň, şol sanda nebit-himiýa, dokma we oba-hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän «Hazar deňzi — Gara deňiz» ugurlary boýunça netijeli ýük daşamalaryny üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm logistiki merkez hökmündäki ähmiýeti nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek we «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Däp bolşy ýaly, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy. Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän özara medeniýet günlerini, ylmy-amaly maslahatlary we sport çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bäşinji mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Onda gazanylan ylalaşyklar berkidildi hem-de meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.