Turkmenportal logo
Şu gün 16:56
33633363
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2027-nji ýylda «SEforALL» forumyny geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan 2027-nji ýylda öz çäginde «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) guramasynyň forumyny kabul etmegi meýilleşdirýär. Degişli teklip Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň Nýu-Ýorkda «SEforALL» guramasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda öňe sürüldi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen «SEforALL» guramasynyň arasynda durnukly energetika, energetika özara baglanyşygy, şeýle hem ählumumy elýeterli, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-njisini durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň esasy temalarynyň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ygtybarly we durnukly energetika özara baglanyşygynyň ileri tutulýan orny baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy hem bar. Mundan başga-da, taraplar 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň durnukly ulag boýunça onýyllygynyň hem-de deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbidine kabul edilen Awaza hereketler maksatnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.