27-nji aprel – 2-nji maý aralygynda Aşgabadyň Halkara dikeldiş merkezinde oňurga myşsa atrofiýasy (OMA) bilen kesellän näsaglary fiziki taýdan dikeldiş bejergisiniň esaslaryna bagyşlanan okuw geçirildi. Çäre maýyplygy bolan çagalar üçin inklýuziw hyzmatlary ösdürmegiň çäklerinde ÝUNISEF-iň, şeýle hem Şweýsariýanyň «F. Hoffmann-La Roche Ltd» derman serişdelerini öndüriji kärhananyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Okuwa ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri — Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara dikeldiş merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň işgärleri, şeýle hem welaýatlardan gelen lukmanlar gatnaşdylar. Maksatnamanyň çäklerinde ýüzden gowrak gatnaşyjyny, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerini, newrologlary hem-de dikeldiş bejergisi boýunça hünärmenleri birleşdiren ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Oňurga myşsa atrofiýasy hereket ediji nerw öýjüklerine täsir edýän we myşsalaryň kem-kemden gowşamagyna getirýän seýrek duş gelýän genetiki keseldir. Şeýle-de bolsa, näsaglaryň aň-düşünjesi hem-de duýujylygy saklanyp galýar. Şoňa görä-de, keseli ir anyklamak we dogry ideg etmek ýaşaýşyň hilini üpjün edýän esasy şertleriň biridir.

Okuw maksatnamasy nazary we amaly bölümlerden ybarat boldy. OMA bilen kesellän çagalar ene-atalary bilen bilelikde dikeldiş merkezine ýerleşdirildi. Bu bolsa hünärmenlere maşgalalar bilen bilelikde fiziki dikeldiş usullaryny iş ýüzünde öwretmäge mümkinçilik berdi. Esasan hem öý şertlerinde geçirilýän dikeldiş bejergisine, kömekçi tehniki serişdeleri ulanmagyň usullaryna, şeýle-de dem alyş we nerw ulgamlarynyň işini goldamak üçin beden durşuny sazlaýyş usullaryna aýratyn üns berildi.
Okuwyň netijesinde her bir çaga üçin aýratyn fiziki dikeldiş meýilnamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem gatnaşyjylar öwrenilen usullary Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak boýunça indiki ädimleri kesgitlediler.