Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyyna bagyşlanan ýatlama dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň dowamynda türkmen diplomaty Nuanýe-Sen-Marten kommunasynyň golaýyndaky sowet esgerleriniň gonamçylygynda gül dessesini goýdy. Bu ýerde Ikinji jahan urşy ýyllarynda Fransiýanyň çäginde wepat bolan sowet esgerleri jaýlanypdyr.
Matam we ýatlama dabarasyna Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ilçileri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.