1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakydalara siňen ýatlamalar» atly sergi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasynda Döwlet muzeýiniň direktory ýygnananlaryň hemmesini golaýlap gelýän baýram bilen gutlady.

Dabaraly çärede çykyş edenler türkmen halkynyň hemişe ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny bellediler.


Şu gün biz asuda durmuş we parahatçylyk ugrunda janlaryny gurban eden edermen gahrymanlaryň öňünde baş egýäris.

Frontda ýanýoldaşlaryny ýitirip, ýalňyz galan aýal-gyzlaryň, eneleriň we uýalaryň çekilen zähmeti hem-de edermenligi hiç wagt ýatdan çykarylmaz.

