Turkmenportal logo
Düýn 17:15
1270412704
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Leýpsigde geçirilýän halkara ulag forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär. Onuň temasy «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir.

Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň ýolbaşçylary, akademik jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň wekilleri ýygnandylar.

Türkmen wekiliýetine «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri bar.

Çärä gatnaşyjylar maýa goýumlary çekmegiň ýollaryny we barha artýan töwekgelçilikleriň — howanyň üýtgemegi, adatdan daşary tebigy hadysalar, pandemiýalar, kiberhüjümler we geosyýasy durnuksyzlyk şertlerinde ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýeleşdirme strategiýalaryny işläp düzmegi ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ulag diplomatiýasynyň ýörelgelerini öňe sürmek aýratyn orun tutýar. Ýurt pudagy sanlylaşdyrmagyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we daşky gurşawa zyýansyz ulag görnüşlerini ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, bu bolsa durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýär. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginiň möhüm üstaşyr merkezi hökmündäki ornyny yzygiderli berkidip, sebitde we halkara giňişliginde ykdysady durnuklylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam berýär diýlip, habarda bellenilýär.