Turkmenportal logo
Şu gün 16:57
48754875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň iň köp göçülýän şäherleri belli boldy
Surat: mir24.tv

Russiýanyň ýaşaýjylary göçmek üçin, esasan, Krasnodar ülkesiniň şäherlerini saýlaýarlar diýip, bilermen Olga Nart «News.ru» portalyna habar berdi. Hünärmeniň sözlerine görä, ýaşaýan ýeriňi çalyşmak aýratyn hem ýaş nesliň arasyndan giňden ýaýrandyr.

Geçirilen barlaglara görä, russiýalylaryň üçden iki bölegi ömründe bir gezek başga bir şähere ýaşamak ýa-da zähmet dynç alşy geçirmek üçin göçmek barada pikir edýär. Pikiri soraşylanlaryň 20 göterimi hemişelik göçmek, 40 göterimi hemişelik ýaşaýan salgysyny goýmazdan, başga ýerde uzak ýaşamak isleýär. Şunda olar ösen infrastrukturaly iri ilatly ýerleri saýlaýarlar. Bu ugurda öňdeligi Krasnodar ülkesiniň şäherleri (30%), Moskwa (27%) we Sankt-Peterburg (19%) eýeledi. Kazana göçmäge olaryň 13 göterimi, Wladiwostoga 7 we Nowosibirskä 3 göterimi isleg bildirýärler. Şunda diňe kär ösüşi dal-de, howanyň hem-de şäher gurşawynyň hili möhüm orny eýeleýär.

Adamlar, hususan-da, ýaşka göçmäge köp isleg bildirýärler: pikiri soraşylanlaryň üçden bir bölegi ýaşaýan şäherlerini 18-den 25 ýaşa çenli, ýagny talyplyk ýyllary çalşypdyrlar. Adamlaryň diňe 9 göterimi 50 ýaşdan soňra başga şähere göçmäge meýillidiklerini aýdypdyrlar.

Täze ýaşaýyş ýeri saýlamakda esasy ýagdaýlar: iş ýerleriniň bolmagy, öz telekeçiligiňi ýöretmek mümkinçiligi ýa-da uzak aralykdan işlemek, şeýle hem çagalar üçin ösen durmuş şertleri bolup durýar.