Turkmenportal logo
Şu gün 14:26
35943594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Kabulda geçirilen BMG-Habitatyň çäresinde Arkadag şäheriniň tejribesini tanyşdyrdy

5-nji maýda «Kabul Grand» myhmanhanasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Owganystandaky wekilhanasy hem-de Azerbaýjanyň Kabuldaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan çäre geçirildi. Türkmenistanyň Kabuldaky diplomatik wekilhanasynyň «Turkmenportala» habar bermegine görä, duşuşyk şu ýylyň 17 — 22-nji maýy aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna bagyşlandy.  

Çärä owgan paýtagtynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.  

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow çärede çykyş edip, ýurduň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygyna, şeýle hem türkmen tarapynyň şäher düzümini ösdürmek we ekologiýa taýdan durnukly şäher jemgyýetlerini kemala getirmek ugrundaky başlangyçlaryna ünsi çekdi.  

Çäräniň dowamynda durmuş üpjünçilik ulgamyna sanly we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherine aýratyn orun berildi. Gatnaşyjylar üçin fotosergi guraldy we şäher baradaky wideorolik görkezildi.