Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 21-nji maýda geçiriljek «Ak şäher Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy innowasiýalaryň mekany» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre şäher gününe bagyşlanan dabaralaryň öňüsyrasynda geçiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlary, mugallymlary, aspirantlary, talyplary hem-de ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri çagyrylýar.
Maslahatyň çäklerinde dört esasy ugur boýunça çykyşlar meýilleşdirilýär:
Binagärlik we gurluşyk innowasiýalary, döwrebap materiallar we ösen tehnologiýalar;
Binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk we ilatly ýerleriň meýilleşdirilişi;
Sanly tehnologiýalaryň gurluşykda we binagärlikde ornaşdyrylmagy, gurluşygyň ykdysadyýeti;
Gurluşykda ekologiýa, durmuş howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak isleýänler 15-nji maýa çenli guramaçylyk komitetine gatnaşyjynyň hasaba alyş formasyny, şeýle hem taýýarlanan tezisleri we annotasiýalary tsaci.conferens@gmail.com hem-de ylym.tdbgii@gmail.com elektron salgylaryna ibermelidirler.
Çäre barada has giňişleýin maglumat institutyň saýtynda ýerleşdirilendir.