Turkmenportal logo
Şu gün 11:28
49044904
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen konserwatoriýasy «Ýeňiş aýdymlary» atly baýramçylyk konsertine çagyrýar

9-njy maýda sagat 18:00-da Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda «Ýeňiş aýdymlary» atly baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertiň maksatnamasy front ýyllarynyň iň gowy aýdymlaryndan we sazlaryndan düzülendir: «Синий платочек» («Gök ýaglyk»), «Смуглянка» («Bugdaýreňk gyz»), «Журавли» («Durnalar»), «День Победы» («Ýeňiş güni») we ş.m.

Sahnada Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Leýli Ökdirowa we Aýna Seýitkulyýewa, meşhur aýdymçylar Bahar Durdyýewa, Begenç Moşyýew, Begenç Gaýypow, Arzygül Gylyjowa, Seýran Atanyýazow, Aýnur Otuzowa çykyş ederler. Şeýle-de zehinli ýaşlardan Enejan Nuryýewa, Leýli Salyhowa, Jemal Tahyrowa, Aýjeren Abdullaýewa öz çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirerler.

Konsertiň guramaçysy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy Stella Faramazowadyr.

Giriş hemmeler üçin mugt.