Donald Tramp ýene sekiz-dokuz ýyldan soňra ABŞ-nyň Prezidenti wezipesini terk etmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada Ak tamda kiçi we orta işewürligi goldamaga bagyşlanan çärede eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berdi.
Maksatnamalar barada söz açan Tramp olaryň on ýylyň dowamynda hereket etjekdigini belläp: «Biz dogry hem etdik. Şunlukda, aýdalyň, ýene sekiz-dokuz ýyldan wezipämi terk edenimde, men olary peýdalanyp bilerin» diýdi.
ABŞ-nyň Konstitusiýasyna 1951-nji ýylda kabul edilen 22-nji düzediş Prezident wezipesine iki möhlet çäklendirme girizýär. Emma muňa garamazdan, häzirki lider üçünji möhlete dalaşgärlik edip biljekdigi barada az ýaňzytmady.
Tramp ikinji gezek 2024-nji ýylyň noýabrynda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy, ol Demokratik partiýadan garşydaşy Kamala Harrisden üstün çykdy.