Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) hantawirusyň ýaýramagy üçin töwekgelçilikleri görmeýär diýip, guramanyň Ýewropa edarasynyň başlygy Hans Klýuge «X» sosial torunda ýazdy.
«Hantawirus ýokanjy adatça daşky gurşaw bilen bagly bolýar. Käbir ýagdaýlarda keseliň agyr geçýändigine seretmezden, ol adamdan adama aňsat geçmeýär. Ilat üçin töwekgelçilik pes bolmagynda galýar. Şonuň üçin howsala düşer ýaly we saparlara çäklendirme girizmäge esas ýok» diýip, ol belledi.
Golaýda «MV Hondius» syýahatçylyk gämisinde azyndan üç adamyň bu ýokanja ýolugandygy habar berlipdi.
Keseli esasy ýokuşdyryjylar gemrijiler bolup durýar. Onuň bilen kesellemek töwekgelçiligi has-da kapas, ýaramaz şemalladylýan binalarda ýokarydyr diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.