Dagystanyň Ýokary kazyýetiniň öňki başlygy Fedor Şukin sebitiň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmäge girişdi. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin degişli permana gol çekdi diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.
Geçen hepdede RF-niň lideri Dagystanyň wekilleri bilen duşuşdy we Respublikanyň öňki ýolbaşçysy Sergeý Melikowyň öz islegi boýunça wezipesinden gidýändigini habar berdi.
Dagystanyň täze ýolbaşçysy Fedor Şukin 1976-njy ýylda Nižegorodsk oblastynda dünýä indi. 2020-nji ýyldan şol oblastyň kazyýetiniň başlygynyň orunbasary boldy. 2024-nji ýylda Dagystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi.