Beýik Britaniýanyň «Zaha Hadid Architects» («ZHA») arhitektura býurosy şu ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşar.
Ýubileý forumy «Arhitektura. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» diýen şygar astynda geçiriler. Bu çärä dünýäniň 25 ýurdundan 100-den gowrak kompaniýanyň — döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maýa goýum düzümleriniň, taslama we gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Gün tertibinde şäherleri durnukly ösdürmek, düzümleri sanlylaşdyrmak we Aşgabady 2045-nji ýyla çenli uzakmöhletleýin ösdürmek baradaky meseleler bar.
«Zaha Hadid Architects» kompaniýasy «Pritsker» baýragynyň eýesi Zaha Hadid tarapyndan esaslandyryldy. Býuronyň portfoliosynda Ýakyn Gündogardaky we Merkezi Aziýadaky iri desgalar bar: BAE-ndäki «The Opus» köpugurly toplumy we «BEEAH-yň» ştab-kwartirasy, Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdulla adyndaky ylmy-barlag merkezi we «King Abdullah Financial District» metro bekedi, şeýle hem Daşkentdäki Alişer Nowaýy adyndaky halkara ylmy-barlag merkezi bar.
Forumyň çäklerinde BMG-niň düzümleriniň we halkara ösüş institutlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» maslahaty hem geçiriler.
Sergä we maslahata göni gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri 2026-njy ýylyň 17-nji maýyna çenli www.ashgabat-white-city.com saýtynda dowam edýär.