Oman Soltanlygynyň günorta-günbataryndaky kenarýaka suwlar owunjak krewetkalaryň köpçülikleýin gyrylmagy sebäpli gyzyl reňke boýaldy. Häkimiýetler munuň deňiz suwunyň hapalanmagy däl-de, onuň temperaturasynyň we düzümindäki kislorodyň derejesiniň üýtgemegi bilen baglydygyny habar berdiler diýip, «ria.ru» ýazýar.
Ýurduň «Muscat Daily» gazeti Ýabany tebigaty we suw gorlaryny goramak boýunça edara we ýerli munisipalitet tarapyndan suwa düşülýän ýerleriň adamlaryň saglygyna howp abanmagyndan we daşky gurşawa zyýan ýetirmeginden goramak maksady bilen, gyrlan krewetkalardan arassalanýandygyny habar berdi.