Turkmenportal logo
Şu gün 14:32
55715571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistan Ermenistanda nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu teklip Ýerewanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnatsakan Safarýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda öňe sürüldi.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen diplomaty ermeni tarapyna şu ýylyň 5-6-njy maýynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň ýokary derejededigini tassykladylar. Ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Yzygiderli DIM-ara geňeşmeleriň geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde görkezildi.

Taraplar halkara meýdançalardaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Türkmen tarapy Ermenistana Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar özara söwdanyň görnüşlerini köpeltmek we onuň möçberini artdyrmak üçin hereket edýän gurallary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu ugurda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň utgaşdyryjy orny bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň we hususy pudagynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmäge isleg bildirildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda durlup geçilip, onuň ýokary derejededigi bellenildi. Habarda bellenilişi ýaly, halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapy Ermenistanda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibini mälim etdi.