Turkmenportal logo
Şu gün 11:10
61426142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marsa iň gysga ýol tapyldy, ol bary-ýogy 33 günlük
Surat: mir24.tv

Alymlar Marsa iň gysga ýoly kesgitlediler. Täze ylmy barlaglara görä, Gyzyl planeta barmak we yza ýol bary-ýogy 153 gün dowam edip biler.

Marsa uçuş taýýarlananda, esasy şert onuň garşylyklaýyn ýerleşmegidir. Ýagny takmynan her 26 aýdan Ýer Gün bilen Marsyň arasyndan geçýär. Şol pursat planetalaryň ikisi-de Günden bir tarapda bolmak bilen, birek-birege has golaý ýerleşýärler.

Braziliýanyň Demirgazyk Rio-de-Žaneýro döwlet uniwersitetiniň alymlar topary ilkinji bolup, Marsa uçmagyň çyzgysyny işläp düzmekde asteroidleriň ugry barada maglumatlardan peýdalandylar. Olar 2001 CA21 diýlip at berlen asman daşyna ünsi jemlediler, öňki hasaplamalar onuň uçuş ugrunyň Ýeriň hem-de Marsyň orbitalaryny kesip geçýändigini görkezdi.

Alymlar asteroidiň gyşarmasynyň bäş gradusdan ýokary bolmadyk uçuş ugruny gözlediler. Bu burç öz gezeginde kosmos enjamyna älemde has göni ýol saýlamaga mümkinçilik berýär. Soňra olar Marsyň 2027, 2029 we 2031-nji ýyllardaky ýerleşjek ýerini hasapladylar, alnan netijeler Ýer-Mars geometriýasynyň 2031-nji ýylda has amatly ýagdaýda ýerleşjekdigini görkezdi.

Öň Ýerden Gyzyl planeta uçuş, şertlere laýyklykda, 5-den 11 aýa çeker diýlip hasaplanýardy.

Alymlar 2031-nji ýylda bu planeta iki sany topar iberip bolar diýip çaklaýarlar, birinjisinde uçuş oňa 33 we ikinjisinde 56 güne deň bolar diýlip hasaplanýar. Netijede, iki tarapa uçuş degişlilikde, 153 we 226 gün dowam eder diýip, «Acta Astronautica» neşiri ýazýar.