Turkmenportal logo
Şu gün 10:50
70107010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ýeňiş gününiň hormatyna surat sergisi açyldy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan «Gahrymanlarymyzyň hatyrasy» atly sergi açyldy diýip, «TASS» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ekspozisiýa türkmen ussatlarynyň uruş ýyllaryndaky ýurduň durmuşyny, türkmenistanlylaryň Ýeňşe goşan goşandyny hem-de esgerleriň gahrymançylygyny gürrüň berýän 50-den gowrak suratyny we heýkeltaraşlyk işini öz içine alýar.

«TASS-yň» ýazmagyna görä, Robert Şabunsuň «Ugratmak» atly suratynda fronta gidip barýan ogly bilen kakasynyň hoşlaşyk pursady görkezilýär. Çary Öwezowyň «Hiç kim unudylmaýar, hiç zat ýatdan çykarylmaýar» atly eseri uruş gahrymanlaryna bagyşlanýar. Ýarly Baýramowyň «Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin!» atly suratynda bolsa türkmen zenanlarynyň goşandy görkezilýär. Suratynyň sýužetiniň özenini Goranyş gaznasyna, takmynan, 7,4 müň kilogram altyn we kümüş şaý-sepleriň, şeýle hem esgerler üçin ýyly geýimleriň tabşyrylandygy baradaky taryhy maglumatlar düzýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, sergide Izzat Gylyjow, Aşyr Nuryýew ýaly türkmen suratkeşleriniň eserleri, şeýle-de Agajan Kakaesenowyň, Muhammet Ýüzbaşowyň we başgalaryň heýkeltaraşlyk kompozisiýalary hem-de keramika önümleri hem görkezilýär.

«TASS-yň» habar bermegine görä, Beýik Watançylyk urşy döwründe söweş hereketlerine jemi 300 müň türkmenistanly gatnaşypdyr, olaryň 130 müňi orden we medallar bilen sylaglanyp, 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna mynasyp bolupdyr, 15-si bolsa «Şöhrat» ordeniniň doly kawaleriniň eýeleridir.