Turkmenportal logo
Şu gün 09:48
87178717
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

4-nji maýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. 

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler birinji şertde saýlap alan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-sazlar, şowhunly tanslar we çeper okaýyşlar arkaly taryplap, hünärine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideoşekilleriň üsti bilen täsirli beýan etdiler. Ikinji şertde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň döredijilik ruhuna laýyklykda, türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik we halallyk ýaly asylly häsiýetler goşgularyň, çuň many-mazmunly monologlaryň hem-de täsirli sahnalaryň üsti bilen çeper wasp edildi.

Jemleýji tapgyrda talyp ýigitler milli edep-ekramlylyk we şahandazlyk däplerine eýerip, özleriniň wäşilik ukyplaryny hem görkezdiler. Milli lybaslarda ýerine ýetirilen gyzykly degişmeler we şorta sözler dabaranyň şowhunyny has-da artdyryp, tomaşaçylara ýakymly pursatlary peşgeş berdi.

Bäsleşikde baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Atamyradow mynasyp boldy.

Birinji orny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Açylow eýelemegi başardy. Ikinji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Maksat Işangulyýew bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Abdulwaht Abdyrahymow, üçünji orna bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Japarberdi Japarow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mämmet Toýryýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mekan Atamyradow mynasyp boldular.

Eminler bäsleşige gatnaşan beýleki zehinli talyp ýigitleri hem, çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Edermen ýigit», «Ylhamly ýigit», «Şahandaz ýigit», «Ugurtapyjy ýigit», «Türgen ýigit», «Owazly ýigit», «Ussat sazanda ýigit» diýen ugurlar boýunça sylagladylar.