Çepçi «Boýun egmezek Fransiýa» partiýasyny esaslandyryjy Žan-Lýuk Melanşon 2027-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi, ol bu barada ýurduň «TF1» teleýaýlymynda aýtdy diýip, TASS ýazýar.
Melanşon saýlawlarda esasy bäsdeşiniň sagçy «Milli bileleşik» partiýasyndan dalaşgär boljakdygyny nygtady, ol partiýanyň lideri Žordan Bardella ýa-da parlament fraksiýasynyň başlygy Marin Le Pen bolup biler.
Soňky Prezident saýlawlarynda Melanşon birinji tapgyrda sesleriň 22 göterimini gazanyp, Le Penden we häzirki Prezident Emmanuel Makrondan yza galypdy we ikinji tapgyra geçip bilmändi.
Fransiýada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2027-nji ýylyň apreline meýilleşdirilýär.