Turkmenportal logo
Şu gün 08:11
58705870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Frankfurt şäherinde uçarlaryň gonýan we uçýan terminallaryny üýtgedýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt howa menziline amala aşyrylýan gatnawlary 6-njy maýdan başlap 3-nji terminal arkaly ýerine ýetiriler. Bu barada gatnadyjynyň metbugat gullugy habar berdi.

«2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçuşlar 3-nji terminaldan ýerine ýetiriljekdigini habar berýäris» — diýlip, habarda aýdylýar.

Ýolagçylara özbaşdak hasaba alyş (self check-in) hyzmatlaryny 3-nji terminalda ulanmak we uçuş üçin degişli gapylara geçmek maslahat berilýär.