Turkmenportal logo
Şu gün 19:17
23942394
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Azerbaýjandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenildi

Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Azerbaýjandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenildi.

«Report» neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi.

«BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda garşylamak örän ýakymly boldy. Men ony BMG-niň Azerbaýjandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen gutladym we geljekki işlerinde üstünlikler diledim» diýip, ilçi ýazdy.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda BMG Igor Garafuliçi Azerbaýjandaky wagtlaýyn hemişelik utgaşdyryjy wezipesine belläpdi. Ol bu wezipedäki borçlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýerine ýetirer.