Turkmenportal logo
Düýn 18:53
88988898
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen söweşijisi Atdaýew Abu-Dabide geçiriljek UAE Warriors ýaryşyna gatnaşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça çykyş edýän türkmen söweşijisi Ata Atdaýew UAE Warriors 70 ýaryşynda Täjigistanyň wekili Jafarali Nuralyýew bilen tutluşar. Söweş 8-nji maýda Abu-Dabide iň ýeňil agram derejesinde geçiriler.

Atdaýewiň hasabynda geçirilen bäş söweşde bäş ýeňiş bar.

Söweşiň öňüsyrasynda Nuralyýew TAJ MMA WORLD neşirine beren interwýusynda maksadynyň oktagondan ýeňiji bolup çykmakdygyny aýtdy. Ol ýeňilmezek Atdaýewi özüne çynlakaý synag hasaplaýarmy diýen soraga şeýle jogap berdi: «Meniň pikirimçe, kim kimiň öňünde näderejede howply diýip öňünden gürrüň etmek dogry däldir. Bu MMA — islendik netijäni bir urgy çözüp biler».

UAE Warriors ýaryşy — Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän garyşyk söweş sungaty ligasydyr. Ol 2012-nji ýyldan bäri MMA boýunça ýaryşlary geçirip gelýär. Gurama dürli derejedäki tejribesi bolan söweşijileri — geljegi uly täze türgenlerden başlap, halkara tejribesi bolan ussatlaryň arasynda ýaryşlary yzygiderli geçirip durýar.