2028-nji ýyldan başlap, Germaniýada Hökümet tarapyndan makullanan saglygy goraýyş ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmäniň çäklerinde süýji içgilere salgyt giriziler. Onuň maksady semizligiň öňüni almakdan hem-de ulgama agramyň möçberlerini azaltmakdan ybaratdyr. Bu barada halkara habar beriş serişdelerine salgylanýan «Azertaj» agentligi habar berdi.
Netijede, garaşylýan 450 million ýewro möçberdäki girdeji federal býujete däl-de, iş ýerinde saglygy berkitmek, ilatyň giň gatlagyna peýda getirýän başlangyçlary goldamaklygy hem goşmak bilen, öňüni alyş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamyna gowşar.
«Forsa» toparynyň fewralda çap edilen pikirsoralyşgyna görä, nemesleriň 60 göterime golaýy alkogolsyz süýji içgilere salgyt girizilmegini goldaýarlar.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 100-den gowrak ýurt, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň tas ýarsyna golaý agza döwletleri süýji içgilere salgyt alýarlar. Beýik Britaniýada we Meksikada geçirilen barlaglar şeýle çäreleriň şekeriň sarp edilişini azaltmakda we diabet ýaly keselleriň öňüni almakda kömek edip biljekdigini görkezdi.